Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinde “Robotehnika” şüweleňi geçirildi

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinde Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň gatnaşmagynda “Robotehnika” şüweleňi geçirildi. Robotehnika şüweleňiň çäklerinde mekdep okuwçylary tarapyndan tehnologiýa sergisi hem guraldy.

Aşgabat şäheriniň 16 sany dürli orta mekdepleriniň gatnaşmagynda “Robot” tehnologiýalary boýunça geçirilen bäsleşik şüwleňiň esasy mazmunyny düzdi. Bäsleşik aýry-aýry 4 sany ugur boýunça geçirildi:

  • «Race 20×25 sm 1,5 kg» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlar awtomeýdançada üç sany robotiki päsgelçilikden geçip, aýlawy tamamlamak) ugry üçin 63-sany mekdep okuwçylary özara bäsdeşdiler.
  • «Mars Rover 50×50 sm» (robot enjamlaryndan taýýarlanan uly göwrümli maşynlar dürli päsgelçiliklerden geçip, 10 metr aralygy çalt tamamlamak) ugry boýunça 15-sany okuwçylar özara bäsdeşdiler.
  • «Automatiс Sumo 25×25 sm 2 kg» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlar biri-birinibellenen çäkden çykarmak boýunça awtomalaşdyrylan görnüşde) ugry 10-sany okuwçylar özara bäsdeşdiler.
  • «Line Follow» (robot enjamlaryndan taýýarlanan maşynlar çyzygy çalt yzarlamak boýunça awtomatlaşdyrylan görnüşde) ugry boýunça 16 sany okuwçylar özara bäsdeşdiler.

Arzygül GYLYJOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok