Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, il-günüň abadançylygyny, nesil saglygyny gorap saklamak, berk bedenli, syratly we gujurly ýaşlary ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz sportda zehinlileri ýüze çykarmak, ussatlary ýaşlykdan terbiýelemek meselesine aýratyn üns berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen diňe bir ýurdumyzyň iri şäherlerinde däl, eýsem, etrap merkezlerinde, obalarda täze sport toplumlary, sport mekdepleri, beýleki sagaldyş desgalary gurlup ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary, sport görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli gurnalýar. Eziz Diýarymyzda sport bilen meşgullanjak her bir adam üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiziň başlangyjy we gös-göni gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň netijesidir.
Watanymyzy ösüşleriň belent sepgitlerine ýetiren, halkymyzy bagtyýar döwre getiren parasatly döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Azat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň mugallymy.
Teswirler