Bagtyýar zamanaň batly gadamlary

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obadyr şäherleri günsaýyn ösýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilen we il arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» durmuşyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Hut şonuň esasynda hem ýakyn ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bu ulgamda örän köp işler durmuşa geçirildi.

         Garaşsyz Watanymyzy has-da ösdürmek, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak maksady bilen kabul edilen  bu milli maksatnamasynyň çäklerinde (Kararlar bilen gurlanlary hem goşmak bilen) ýurdumyzda 68 hassahana, 145 saglyk öýi, 258 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 244 sany umumybilim berýän mekdep, 76 medeniýet öýi, 115 sport mekdebi, 73 sport desgasy, jemi 979 sany bina guruldy. Inženerçilik infrastrukturasynyň desgalaryny gurmakda hem düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Gurlup ulanmaga berlen suw geçirijileriň uzynlygy 10,2 müň kilometre, lagym geçirijileriňki 1,9 müň, awtomobil ýollarynyňky 4,9 müň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriňki 13,8 müň, elektrik geçirijileriňki 13,6 müň kilometre barabar boldy.

         Şu döwürde 587 sany dik guýular gazyldy, 9 sany suw arassalaýjy desga we 10 sany kiçi göwrümli suw arassalaýjy guruldy. Aragatnaşyk ulgamynda 29,6 müň kilometrlik telefon ulgamy çekildi, 625 müňe golaý telefon belgileri oturdyldy, 5,1 milliondan-da gowrak el telefonlary ýerlenildi. Soňky 13 ýylyň dowamynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 11,6 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şolaryň 0,7 million inedördül metri döwlet eýeçiliginde, 8,9 million inedördül metri hususy eýeçilikde, 2,0 million inedördül metri bolsa ipoteka karzlaşdyrmasy boýunça amala aşyryldy.

         Umuman, bu görkezijileriň ählisi ýurdumyzyň ähli künjeklerini ýokary derejede ösdürmek, dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň ýeten derejeleri bilen aýakdaş alyp barmak maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir.

            Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belentliklere götermek, agzybir halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Eziz EMINOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok