Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawod bina ediler

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawod bina ediler. Bu barada 16-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawody gurmak barada «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we zawody 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Atajan Mylkyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok