Bütindünýä statistika güni

Bütindünýä statistika güni 2010-njy ýylda Birleşen Milletler guramasynyň 41-nji mejlisinde guramanyň Statistika geňeşiniň yglan etmeginde her bäş ýyldan bir gezek, 20-nji oktýabrda bellenilip geçilýär.

Bu sene Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assembleýasy tarapyndan ygtybarly, öz wagtynda statistika we ýurtlaryň ösüşiniň görkezjileriniň öndürilmeginiň habarly syýasy kararlary we Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin zerurdygyny ykrar edip, 2010-njy ýyly 20-nji oktýabrynda resmi taýdan kesgitlenen 64\267 resolýusiýa 2010-njy ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi.

“Resmi statistikanyň köp gazananlaryny bellemek” atly umumy mowzuk bilen birinji, 2015-nji ýylda “Has gowy maglumatlar, has gowy durmuş” atly ikinji, 2020-nji ýylda bolsa “Dünýäni ynanyp boljak maglumatlar bilen birleşdirmek” ady bilen üçünji Bütindünýä statistika güni bellenilip geçildi.

Hatyja Şadylyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok