“Oguzrobot” topary we halkara tehnologiýa bäsleşikleri

FIRST Global Challenge we Türkmenistan

Tehnologiýany orta bilimiň maksatnamasynda giň orun eýeläp başlan döwründe, mekdep okuwçylarymyzyň ylyma we innowasion tehnologiýalara bolan höwesi has hem artýar. Muňa mysal edip, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerine bolan ýokary gyzyklanmasyny bellemek bolar. Her ýyl 180-e golaý döwletiň gatnaşýan we halkara abraýy örän ýokary bolan “First Global Challenge“-e gatnaşýan Türkmenistan döwletimiziň ýygyndysynyň, başgaça ady bilen Oguzrobot robototehnika toparynyň agzalary ady agzalan mekdebiň okuwçylary bolup durýar. Her ýyl ýygynda saýlanmak üçin okuwçylaryň arasynda dürli synaglar geçirilýär we synaglaryň netijesinde şol ýylky ýygyndynyň agzalary kesgitlenýär. 2021-nji ýylyň ýygyndysy 10 sany zehinli okuwçydan ybarat bolup, olaryň 8-si 10-njy we 2-si 11-nji synpyň okuwçylarydyr. Oguzrobodyň FGC-däki bu ýylky agzalarynyň hatarynda: Nuryýewa Oguljan, Gurbanow Dawut, Gylyçmuhammedow Jelaleddin, Polatow Arslan, Öwezow Pirguly, Rahmanow Ylham, Kakajanow Maksat, Muhammetorazow Annamyrat, Baýramow Polat, Nazarow Nurmämmet we Hotçyýew Arslan bu abraýly bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edýänlerine diýseň buýsanýarlar. Topara baştutanlyk edýän Berdimyrat Ýazhanow bolsa, robot-tehnikasy boýunça birnäçe forumlara we ýaryşlara gatnaşyp, baý milli we halkara tejribesine eýedir. Ol ozalky ýyllardaky toparlara hem kärdeşi Atamyrat Şahanow bilen ýolbaşçylyk edipdi.

 First Global Challenge 2021 “Discover & Recover

2021-nji ýylda ýaryşyň adynyň “Discover & Recover” bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem dünýädäki Covid-19 ýokanjyndan soňra, döwletleriň ykdysadyýetini, saglyk ýagdaýlaryny, daşky gurşawlaryny we bilim derejelerini gowulandyrmak üçin durmuşa geçirilýän maksatnamalara innowasion tehnologiýalary hem goşmakdan ybarat bolup durýar. 2021-nji ýylda geçirilýän ýaryşda 3 sany esasy ýumuş bolmak bilen olara goşamaça ýene-de birnäçe “sosial-media” bilen bagly ýumuşlary hem berildi. Türkmenistanyň ýygyndysy çylşyrymly ýumuşlaryň ählisini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ýaryşyň dowam eden döwründe topar agzalary öz aralarynda 2 topara bölündiler: 1.Media topary 2.Robot topary. Media toparyndaky agzalaryň esasy ýerine ýetiren ýumuşlary wideo düşürmek we kebşirlemek, gepleşiklere gatnaşmak we “inženerçilik depderçesini” ýazmak we taýýarlamak bolup durýardy. Robot toparynyň agzalarynyň ýerine ýetiren işleri bolsa, ýumuşlar üçin robot shemalaryny ýasamak we 3D modelleri çyzmakdan ybarat boldy.

 Esasy üç uly ýaryş:

1. Solutions Challenge (Çözgütler ýaryşy)

Bu ýaryşyň iň esasy maksady döwletlerdäki we dünýädäki uly derwaýys meseleleriň STEMiň (Science Technology Engineering and Math), ýagny ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematikanyň üsti bilen çözgütler tapmakdan we hödürlemekden ybarat. Gatnaşyjylaryň ählisine çözgüt tapmak üçin 4 sany kategoriýadan birini saýlamaga rugsat berildi. Ol kategoriýalaryň hatarynda Bilim, Ykdysadyýet, Daşky Gurşaw we Saglyk bar. Türkmenistanyň ýygyndysy Bilim kategoriýasyny saýlap aldy. Munuň sebäbi bolsa, bilim nesliň bagtyýar geljegi döretmäge ukyby we ymtylyşy bilen baglylykda esaslandyrylýar. Kategoriýany saýlap alandan soňra okuwçylar wagt ýitirmezden taslamalarynyň üstünde işlemäge başladylar.

1.1.Phase 1

Çözgütler ýaryşynyň 1-nji böleginde ýygyndylar dünýädäki bir derwaýys meselä çözgüt tapmaly boldular, öz çözgütlerini mümkin boldugyça durmuşa geçirmeli we ony “Inženerçilik kitapçasynda” doly we dogry ýagdaýda beýan etmelidiler. Türkmen ýygyndysynyň oýlap tapan ulgamy mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklary diňe bir kitapdan düşündirmek dälde, eýsem, robot tehnikasy arkaly şol sapakda geçilen temany berkidip has giňişleýin öwrenmekden ybarat boldy. Toparyň agzalary biri media biri hem robot toparynyň agzasy boljak şekilde 5 sany topara bölündiler. Her bir topar olara berilen sapagyň bir temasyna degişli robot shemasy gurnamalydy. Bellenilen sapaklaryň arasynda diňe bir ylmy sapaklar bolman, eýsem, taryh we geografiýa dersleri hem bardy. Üznüksiz topar arkalaşygynyň we işleýişiň netijesinde , Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlik bilen 1-nji bölegi tamamlady.

1.2. Phase 2

 Çözgütler ýaryşynyň 2-nji bölüminde her bir döwlet öz pikirini birikdirip biljegi başga bir döwlet bilen bileleşik gurmalydy. Türkmen ýygyndysy öz geçiren birnäçe gözleglerinden soňra Meksika döwletiniň ýygyndysy bilen bileleşik döretdi. Ýygyndynyň metbugat habarçysy Nuryýewa Oguljanyň iňlis diline kämil erk etmegi, Türkmen ýygyndysyny beýleki döwletler bilen has giňişleýin we köptaraply gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik döretdi. Olar bilelikde FGC-niň ugradan soragnamasyna jogap berip, alyp boljak 18 balyň 18-sinem aldylar.

1.3. Phase 3

Çözgütler ýaryşynyň 3-nji bölüminde dörän bileleşikler öz pikirlerini birikdirip bir uly pikiri dowam etdirmelidiler. Geçirilen 10-a golaý gepleşiklerden soňra Türkmenistan we Meksika ýygyndylary esasy uly taslamanyň üstünde işläp başladylar. Girizilen goşmaçalarda, sapaklaryň robot tehnikasy arkaly geçirilmegini diňe bir ýönekeý mekdep okuwçylary üçin däl, eýsem, görmeýän, eştmeýän we akly taýdan doly ösmedik çagalar üçin hem bolmalydygy barada ylalaşyldy. Özleriniň doly ýasalan taslamalaryny öz döwletlerindäki mekdeplere hödürlemäge başlan türkmen we meksikan ýygyndylary örän oňat netijeleri aldylar.

2. Robotics Challenge (Robotlar ýaryşy)

Ýaryşyň bu tapgyrynda ýygyndylar FGC-niň kesgitlän 4 görnüş robotlaryny ýasamalydy.

2.1.Drivetrain Delivery

Bu robot bellenilen bir ýol boýunça çyzyk yzarlamagy başarmalydy. Ýygyndynyň agzalaryndan Gurbanow Dawut we Muhammetorazow Annamyrat bu robody üstünlik bilen ýasamagy başardylar.

2.1. Intake Intrigue

 Öňünde duran islendik bir obýekti galdyrmaly bolan bu robot üçin ýygyndydan Gylyçmuhammedow Jelaleddin we Öwezow Pirguly saýlandy. Olar birnäçe wagtlap işländen soňra oňyn netije görkezdiler.

2.3. Climbers Chaos

Ýerden 80 sm beýikde duran demirden ilişip özüni çekmeli bolan bu robody Kakajanow Maksat we Baýramow Polat ýasamagy başardy.

2.4. Launcher Longshot

Özünden 3 metr daşlykda we 1,5 metr beýiklikde duran sebede top zyňyp ony salmagy başarmaly bolan robody bolsa, ýygyndynyň ýaş zehinlerinden Rahmanow Ylham we Nazarow Nurmämmet üstünlikli ýasady.

3. CubeSat Prototype Challende (Kub şekilli hemra ýasamak ýaryşy)

Ýaryşyň iň soňky bölüminde döwletler özlerine FGC-niň ugradan ýörite robot bölejikleri bilen emeli hemra ýasamalydy. Türkmen ýygyndysy bu taslamany iň gowy şekilde ýasap, kesgitlenen beýikden we aralykdan maglumat almagy başardy.

 Geljekki ýyllar

Bu ýylky ýaryşyň bölümlerini üstünlikli tamamlan Türkmenistan ýygyndysy, ýaryşyň netijelerine uly höwes bilen garaşýar.

Häzirki wagtda bolsa ýaş zehinleriň robot tehnikasy boýunça gözlegleri yzygiderli dowam edýär.   

Website    : http://oguzrobot.com/
Instagram : https://www.instagram.com/oguzrobot/
Facebook : https://www.facebook.com/groups/239469174669757/
Taslama   : http://stemforall.epizy.com/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok