Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamyna-da sanly tehnologiýalar babatda dünýäniň öňdebaryjy gazananlary ornaşdyrylýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, ylmyň, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmaklygyny gazanmak maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar. Milli Liderimiziň kabul eden «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim ojaklarynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda umumybilim berýän orta mekdeplerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Sanly ulgamyň esasy ugry bolan hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze döwrebaplaşan görnüşiniň emele gelmegine şert döredýär. Bu ugurdaky özgertmeler jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini baýlaşdyrmaga ýardam berýär hem-de bilim almagyň bitewi elektron maglumat giňişligini döredýär. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamy talyplara mugallym bilen internet-tehnologiýa arkaly aragatnaşyk saklamaga, maglumat alyşmaga, okuw maglumatlaryny diňlemäge, wideo ýazgylar arkaly islendik wagt özbaşdak öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu hili sapaklarda mugallym hünär ussatlygy bilen okatmagyň elektron usulyýetini kämilleşdirýär we talyplaryň özbaşdak pikirlenmek hem-de işlemek başarnygyny ösdürýär.
Türkmen halkynyň, hususan-da, ýaş nesliň ylymly, bilimli, sowatly bolmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan, biz — ýaşlara atalyk gözi bilen garaýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.
Mähri MISEKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler