ÝAŞ UÇURYMLARYŇ JOŞGUNY

       Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alan talyplaryň diplom işleriniň gorag çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Düýn 16-njy iýunda bu ýokary okuw mekdebiň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk” we “Grafika” kafedralarynyň talyplarynyň diplom işleriniň gorag çäresi täsirli we şowhunly bolup geçdi.

        Gorag çäresi ýokary okuw jaýynyň sergiler jaýynda alnyp baryldy. Örän täsirli geçen bu dabara bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary, halypa mugallymlary, suratkeşler, sungat we medeniýet işgärleri işjeň gatnaşdylar. “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň talyplarynyň ýerine ýetiren diplom işleri nakgaşçylyk sungatynyň kino, teatr, stanok ugurlaryny öz içine alyp, olarda taryhy, portret žanryna degişli bolan dürli temalar özüniň mynasyp ornuny tapýar. Şol kafedranyň talyby Aly Sytdyhowyň “Küşt oýnunyň taryhy” (Abu Bekr As-Suly) atly stanok eseri bu ýere gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Eser taryhy tema boýunça ýerine ýetirilip, onda 9-10 asyrlarlarda ýaşap geçen meşhur türkmen küştçisi Abu Bekr As-Sulynyň durmuşy ýoly beýan edilýär. Ol Balkan welaýatynyň çäklerinde doglup, nebereleriniň Bagdat şäherine göçüp gitmekleri sebäpli, ömrüniň köp bölegini şol şäherde geçirýär. Türkmen küştçisi şol ýerde ýaşap, küşt-sadranç oýny bilen baglanşykly ýaryşlarda meşhurlyk gazanypdyr. Şol döwürlerde ýaşan Bagdat halyfy al-Makdafy hem küşt oýnunyň janköýeri bolupdyr we öz köşgünde özüniň arzyly küştçisi Mawerdini saklapdyr. 905-nji ýylda şol küştçi As Suly bilen küşt oýnap, yzly-yzyna utulýar. Talyp Aly Sytdyhow özüniň diplom işinde hem meşhur küştçi As Sulynyň şöhratly ýolynyň bir wakasyny, arap küştçisi bilen türkmen küştçisiniň  arasynda bolan gyzykly oýun pursatyny suratlandyrýar. Eser uly göwrümli we köp şekilli. Taslama çözgüdi tegelek aýlawa eýe bolýar we bu waka açyk howada, köşk howlusynda beýan edilýär. Eseriň ikinji meýilnamasynda owadan köşk binasynyň jaýy, uzakdan görünýän adamlaryň şekilleri bilen sazlaşykly çözgüde eýe bolýar. Reňk gurluşynda goňur, sary, gök reňkleriň agdyklygy köp ulanylyp, esere parahat häsiýeti berýär.

     Diplom işleriň arasynda stanok nakgaşçylygynyň giň mümkinçiligi Yhlas Allanazarowyň “Portret”, Gunça Ataýewanyň “Täze gözellik”, Söhbet Garryýewiň “Şäher waspy”, Baýram Mämiýewiň “Täze obada toý” atly işlerinde giňden ýaýbaňlanýar we olarda döwrebap keşpler, şu günki günlere çenli dowam edýän däp-dessurlar täze pikirler, ýagty we açyk reňklerde şöhlelenýär.

    Şol kafedranyň “teatr nakgaşçylygy” ugry boýunça bilim alan talyplar Orazmyrat Hojaberdiýewiň rus ýazyjysy N.Gogolyň “Öýlenmek” atly pýesasynyň bezegi, Maral Hudaýguliýewanyň ýazyjy Kakajan Aşyrowyň “Bagt kenarynda” atly eserine, Begenç Saparowyň Oguljennet Bäşimowanyň “Jelaletdin Rumy” atly eserine, Baýramgözel Muhammedowanyň “Toýmuza gel, toýmuza” atly teatr sahna bezeg işleri köp görnüşli häsiýete eýe bolup, olarda diplomantlaryň teatr sahna bezeginiň köp taraply çeper çözgütleriniň ýola goýluşy talaba laýyklygyny mese-mälim görmek bolýar.

     “Kino suratkeşligi” ugry boýunça diplomantlar Ogulmaral Mämiýewanyň “Göroglynyň döreýşi”, Wepa Çaryýewiň “Böwenjik-türkmen halk ertekisi” atly kino eserlerine bagyşlanylyp ýerine ýetirilen diplom işlerde kino bezegleriniň yzygiderliligi we çylşyrymly aýratynlyklary başarjaňlyk bilen ýola goýlandygy synçylar tarapyndan bellenildi hem-de bu bezegleriň kino sungatynda örän wajyp ornunyň bardygy aýratyn nygtaldy. 

    “Grafika” kafedrasynyň uçurumlarynyň diplom işlerinde stanok, kitap, plakat grafikasynyň biri-birinden aýratynlanýan taraplary äşgär görkezildi. Şol aýratynlyklar Dilber Goşaýewanyň “Türkmenistanyň dokma senagaty” aty atly litografiýa işinde aýdyň ýüze çykýar we dokma senagatynyň döwrebap ösüşleri wasp edilýär. Bäş toplumy özüne jemleýän bu işde bäş görnüşli reňk gurluş düzümi emele gelýär we olar ýyly reňkleriň häsiýetini döredýär. Bu häsiýetli aýratynlyk işe türkmen halysynynyň reňk öwüşgünini çaýýar hem-de talybyň reňk sazlaşygyny gurnamakda ezberlik başarnygyny ýüze çykarýar.

     Grafika sungatynyň plakat ugry diplomantlar Yhlas Taganowyň “Watanymyzyň oba hojalygy”, Fatima Hanowanyň “Çagalary goralyň” atly plakat işlerinde saýlanylan temalar düşnükli wagyz hem-de çagyryş häsiýetine eýe bolýar. Ýagty reňkleriň çözgüdini özünde jemleýän bu işler döwrebaplygy we wajyplygy bilen täsirli duýgulary döredýär.

     Kitap grafikasynyň usuly aýratynlyklary Akmuhammet Işjanowyň Nurmuhammet Andalybyň “Zeýnel arap” atly dessanyna, Amanguly Gödekowyň şahyr Kakamyrat Rejepowyň “Sözler” atly ýygyndysyna, Perhat Töräýewiň “Rowaýatlar ummany” atly kitap bezeg işlerinde aýdyň ýola goýulýar. Bu işlerde kitap grafikasynyň köp taraply taraplary anyk we açyk görkezilýär. Aýratynam, uçurym Perhat Töräýew “Rowaýatlar ummany” atly diplom işinde Hormatly Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” hem-de “Türkmenistan – beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaplarynda beýan edilýän rowaýatlardan ruhlanyp, şol rowaýatlary mazmun beýanyny kagyzda akwarel, guaş, tuş we pero usuly boýunça ýerine ýetirýär. Ol “Arşyň nepisligi” kitabynda beýan edilýän türkmen gelniniň gudratly başarnygyny, arşdan ýol ýasap, Günden, tebigatyň gözelliklerinden döreden haly gölleriniň reňklerdäki öwüşgünini, Astanababa kümmeti bilen baglanşykly bolan rowaýaty, durmuşyň kynçylyklaryndan jaýdar ugur tapan Daýahatyn, Soltan Sanjar şanyň peri aýaly hem-de Paraw bibi bilen baglanşykly bolan halk rowaýatlarynyň çuňňur mazmunyny açmaga çemeleşýär. Bu işlere “Amaly haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa tarapyndan syn-seslenme berlip, ol “bäş sany toplumy düzýän bu işlerde ýyly reňkleriň oýnamy biri-biri bilen utgaşyp, örän ünslilik we dykgatlylyk bilen ýerine ýetirilipdir. Reňkleriň dinamiki herekedi we kölegelilik bölekleri ownuk ştrihleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa talybyň kitap grafikasynyň usullaryny berk özleşdirmegidir”-diýip belleýär.

    Umuman bu gorag çäresinde temalar boýunça çykyşlar örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Çärä gatnaşýan myhmanlaryň arasynda täsirli duýgular döredi hem-de temalaryň ähmiýeti, täzeçilligi we wajyplygy hakda nygtaldy.

     Umuman goraga gatnaşýan attestasiýa topary  akademiýanyň şu ýylky “Nakgaşçylyk” we “Grafika” kafedralarynynyň birnäçe ugurlary boýunça bilim alan talyplaryň diplom işlerine ýokary bahalary berdiler. Bu bolsa Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň sungatynyň we medeniýetiniň has-da gülläp ösmegine ýardam berjek hünärmenleri taýýarlap ýetişdirýändigine uly buýsanç döredýär.

Göwher Saparmyradowa
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik
akademiýasynyň“Amaly haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok