Dabaraly maslahat geçirildi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan welaýatyň çäginde duşuşykdyr maslahatlar, bäsleşikler, gezelençler we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Alnymyzdan ak daňlaryň atany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Bu dabaraly maslahat welaýat häkimligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde guraldy. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar muzeýiň sergi zallaryna aýlanyp gördüler. Gymmatlyklaryň üç müňden gowragyny özünde jemleýän muzeýiň sergi bölümleri ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň dutarçylar toparynyň çykyşlarynyň hem ýaýbaňlandyrylmagy şanly ýyla bagyşlanan dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň keýpiçaglygyny belende göterdi.

Hursida Narmetowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok