“TALYP TÖLEGI” döwrebap töleg hyzmaty

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde we ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmekde bank edaralary tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz: “Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanşykly dowam etmelidiris” diýip belleýär. Ýurdumyzyň bank edaralarynda sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň netijesinde, birnäçe sanly bank hyzmatlary hem peýda bolýar.
Olaryň biride döwrebap bank hyzmaty bolan “Talyp tölegi” sanly hyzmatydyr.
Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan hödürlenýän bu hyzmatyň döwrebaplylygy, ýurdumyzyň ähli ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň töleglerini onlaýyn görnüşinde bank kartlarynyň üsti bilen tölenilmegine döredilen mümkinçilikdir.
“Talyp tölegi” sanly hyzmatyny peýdalanmagyň mümkinçiligi, ýagny töleg ulgamyna girmek bilen, talyp öz şahsy belgisini we açar sözüni öz okaýan okuw mekdebinden bilmelidir we ony almalydyr.
Ýurdumyzyň bank edaralarynyň resmi web-saýtlarynda “Onlaýyn – tölegler” sahypasynda ýerleşdirilen “Talyp tölegine” girmeli. Eger-de ykjam telefonyndan girilende bolsa “MENU” –dan “Talyp tölegi” sahypasyna geçmeli.
Her bir ulanyjy talyp özüniň belgisini we açar sözüni girizeninden soňra, şahsy otagyň üsti bilen “Döretmek” düwmesine basmalydyr. Netijede, açylan täze penjirede tölegiň möçberini ýazmaly we bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli we “Töleg” düwmesine basmaly.
Tölegiň ýerine ýetirleninden soňra, onuň ýagdaýy, möçberi, senesi bilen bagly maglumatlary görmek mümkinçiligi döreýär hem-de geçirilen tölegiň güwanamasyny almak hem ýola goýlandyr.
Müşderileriň “Talyp tölegi” sanly bank hyzmatyndan peýdalanmaklygy üçin olaryň töleg geçirilýän bank kartyna hökmany ýagdaýda CVC we SMS aragatnaşyk hyzmatlary birikdirilen bolmalydyr.
Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän döwrebap sanly bank hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginiň uzak möhletli ösüşine ýardam edýär.
Şol sebäpden, netijeli ulgamlary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Şeýle döwrebap sanly bank hyzmatlaryň döredilmegine we ýurdumyzda ornaşdyrylmagyna döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Şemşat Kiçigulowa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok