“Hatyra” kitabynyň birinji jildiniň täze neşiri

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda “Hatyra” kitabynyň Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanan birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu barada TDH habar berýär.

“Hatyra” kitabynyň täze neşiri Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan, dereksiz ýiten esgerleriň we serkerdeleriň görkezen edermenliklerine bagyşlanýar. Kitabyň içindäki makalalarda Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden esgerleriň faşistik basybalyjylara garşy göreşlerde görkezen gahrymançylyklary, tylda umumy maksadyň bähbidine gije-gündiz dynman,  ýadawsyz zähmet çekenleriň tutanýerliligi dogrusynda beýan edilýär.

Kitapda berilýän maglumatlara görä, Ahal welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan hereket edýän goşuna 62 müňe golaý adam çagyrylypdyr. Şeýle-de kitapda sylag hatlary we suratlary ýerleşdirilen SSSR-iň Gahrymanlary – türkmenistanly esgerler hakynda maglumatlar ýerleşdirilen.

 Kitabyň gaýtadan işlenen jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen.

Gyzlargül ANNAGURDOWA

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok