Dünýä halk tanslarynyň görkezme çykyşy boldy

“Türkmenistan- Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ” ýylynda  bagtyýartürkmen halkynyň her bir güni uly dabaralara, toý-baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30-ýyllygy we  Ak şäherim Aşgabadyň 140-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli çäreler Diýarymyzda uludan bellenilip geçilýar. Diýarmyzyň her bir güni toýlara şanly wakalara beslenýär. Bizem şol  toýlaryň  şanyna D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymlardyr  talyplary bolup täze-täze sazlaryň, aýdymlaryň, tanslaryň üstinde işläp uly taýýarkyk görüp her baýrama sowgatlarmyzy alyp barýarys. Biziň sazçylyk mekdebimizde bir näçe toparlar döredilip olar dutarçylar topary, tansçylar topary, aýdymçylar topary, bagşylar topary, depçiler topary, halk saz gurallar orkestri, hor topary, simfoniki orkestri  döwlet derejesinde geçirilýän çärelere hem-de tele-radýa ýaýlymlarda yzygiderli çykyşlarya işjeň gatnaşýarys. Olar türkmen kompazitorlaryň nusgawy eserlerini we daşar ýurtlaryň kompazitorlarynyň bir näçe eserlerini saz gurallarynda çalmagy şeýle hem tanslary halk köpçüligine ýetirýärler. 

FOTOREPORTAŽ

Dün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30-ýyllygy we  Ak şäherim Aşgabadyň 140-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli çärede ýerne ýetirlen tanslar örän täsirli boldy.

Bu çärede Daňatar Öwezowyň “Jigitler” tansy, Şükür Amanowyň “Güýz ýapraklary” tansy, Türkmen “Çopan” tansy, Belarus halk tansy, “Mitus” tansy, “Tarantella” tansy, “Wenger” tansy, “Kentawri” Kawkaz tansy, “Degişgen Gyzlar ” Rus tansy. Ispan tansy. Tatar tansy. Balgar tanslary bir-birinden täsirli boldy.

Tans sungaty her bir bayramçylyk konsertlerinde ayratyn özboluşly gözellik çaýýar, ýurdumyzyň  dürli ösüşlerinde wasypçylary bolýar.

Garryýewa Bägül
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok