Teatryň işgärleri nädip dynç alýarlar?

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryş teatryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işgärleri tarapyndan gurnalyp, onda iki topar, ýagny döredijilik we tehniki toparyň oýunçylary özara bäsleşdiler. Bäsleşik çekeleşikli bolup, onuň birinji döwünde 8:5 hasap bilen döredijilik topary öňe saýlanmagy başardy. Arakesmeden soň ikinji döwde hem gyzgalaňly ýagdaýlaryň astynda oýun jemi 16:12 hasap bilen döredijilik toparynyň ýeňiş gazanmagynda tamamlandy. Ýeňijiler teatryň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.

Oýnuň dowamynda Şirgeldi Saparow, Gurban Agalykow we Şadurdy Meläýew dagylar aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Biz hem oýundan soň Şirgeldi Saparow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik:

– Şirgeldi ilki bilen-ä gutlaýas ýeňşiňiz bilen! Tüweleme futboly öňem oýnaýanyňyz bildirdi! 9 goly özüňiz saldyňyz öýtýän?!

– Sagboluň, hawa, kiçiligimde kän gatnapdyp dogrymy aýtsam…

– Ýaňky geçen ýaryş sizde nähili täsir galdyrdy?

– Elbetde, sport bilen meşgullanmak, sagdynlyk, bedeniň berkligi – bu zatlar ilkinji nobatda özüňe gerek. Şeýle hem öz kärdeşleriň bilen arassa howada futbol oýnamak hem şähdiňi açýar, hem birek-birege has ýakyndaşdyrýarmyka diýýän. Sebäbi, sportda serhet ýok. Meniň pikrimçe, şeýle ýaryşlar paýtagtymyzyň beýleki teatrlaryndan düzülen toparlaryň arasynda geçirilse-de has täsirli bolar.

– Gaty dogry aýtýaňyz! Eger siz aktýor bolmadyk bolsaňyz, onda siziň pikriňizçe haýsy käri saýlardyňyz?

– Eger aktýor bolmadyk bolsam… Aslynda, çagalykda eden arzuwyň mydama hasyl bolýar diýýärler, menem çagakam şu il-halkyň ünsünde bolýan, alkyşyna mynasyp bolýan adam bolasym gelýärdi. Olam ýa sahnada, ýa sport münberlerinde bolýar. Ine, şükür men birnäçe ýyl bäri teatrda zähmet çekýän, tomaşaçylaryň söýgüsini, alkyşlaryny gazanýan diýip bolar.

– Düşnükli… Bu günler teatrda nämeler edýäňiz?

– Bu günler esasan… Bilşiňiz ýaly, ýaňy ýakynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň ýolbaşçylygynda “Seýitnazar Seýdi” spektaklyny tomaşaçylara ýetirdik. Olam gaty gyzgyn garşylandy. Bu wagtlar hem “Türkmeniň ýoly” ýaly birnäçe täze eserleriň üstünde, şeýle-de ýurdumyzyň baýramçylyklary mynasybetli gysga rolikleri janlandyrmak ýaly işleriň üstünde zähmet çekýäs.

– Şirgeldi okyjylara we sizi tomaşa etmäge barjak ildeşlerimize ýetirjek sözleriňiz bar bolsa, baş üstüne!

– Hawala… Ilkinji nobatda bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşadýan, sungatyň hak howandary Hormatly Prezidentimize köp-köp alkyşlary dileýän. Tomaşaçylara bolsa, bize tomaşa etmäge geliň, siziň ýadawlagyňyzy aýyrmak, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmak hem biziň bilen diýäýmesem(ýylgyrýar).

– Köp sagboluň Şirgeldi, bizem size ýene-de uly üstünlikleri arzuw edýäris!

– Sagboluň! Sizem biziň ýaryşymyza wagt tapyp geleniňiz, eminlik edeniňiz üçin köp sagboluň!

Begmyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

talyplar sport klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok