Her ýylyň 24-nji aprelinde Halkara derejesinde “ Halkara parahatçylyk üçin köptraplylyk we diplomatiýa güni “ dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu Halkara güni parahatçylyk arkaly köptaraplaýyn ösüşi pugtalandyrmagyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň kämilleşmegini delillendirýär. Diplomatiýa hemişe mümkinlik we zerurlyk düşünjeleriniň arasynda deňagramlylygy tapmagyň sungaty we ylmy bolup durýar. Diplomatiýa döwletleriň we halklaryň arasynda aragatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär. “Diplomatiýa” diplomatik adalgalary ýüze çykýança diplomatik käri gepleşikleri alyp barmak bilen deň hasap edilýär we döwletleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça häzirkizaman diplomatiýasynyň derwaýys meseleleriniň biridir.
Halkara gatnaşyklarynda diplomatik gepleşikler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bolmak bilen ykdysady, harby-syýasy, medeni, ekologiýa, ynsanperwer we başga birnäçe meselelere hem içgin seredilýär.
Häzirki döwürde daşary syýasatda hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinden ugur alyp, baky Bitarap Türkmenistan ähli halklary parahatçylyga we dostluga çagyrýar. Ýurdumyz bu babatda oňyn
halkara başlangyçlary öňe sürýär hemde olar BMG tarapyndan goldanylýar we resmileşdirilýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Rezolýusiýasy kabul edildi.
Parahatçylyk Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň binýatlaýyn ýörelgesi bolup durýar. Sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Muňa 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Orazgeldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler