Gazagystanda Nowruz baýramy 10 gün belleniler

Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baýramçylyklaryň biri hem Nowruz baýramydyr. Täze başlangyçlary, bahary, güneşli howany we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan bu baýramçylyk ýylyň-ýylyna sebitiň köp ýurtlarynda ýokary derejede bellenilip gelinýär.Nowruz günleri adamlar biri-birlerine süýji-süýji tagamlary hödür-kerem we gowy-gowy arzuwlary  edýärler. Toý saçaklary dürli tagamlardan, süýjüliklerden doldurylýar.

Täze kabul edilen konsepsiýa esasynda her ýyl Gazagystanda Nowruz baýramçylygy 10 gün belleniler. Bu barada turkmenportal web saýtynda habar berilýär.

Ýörite taýýarlanynan konsepsiýa laýyklykda her ýylyň 14-nji martyndan 23-nji  marty aralygy Nowruz baýramy ýokary derejede bellemekligi meýilleşdirilýär.

  • 14-nji mart —  Gutlaglar güni;
  • 15-nji mart —  Tebigat güni;
  • 16-njy mart —  Ata-babalary hatyralamak güni;
  • 17-nji mart —  Taryh güni;
  • 18-nji mart —  Haýyr işler güni;
  • 19-njy mart —  Sport we başarnyklar güni;
  • 20-nji mart —  Paýhas we bilim güni;
  • 21-nji mart —  Milli tagamlar güni;
  • 22-nji mart —  Halkyň Beýik güni;
  • 23-nji mart —  Hormat güni.

Eziz MAŞYRYKOW,

TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok