Döwlet muzeýinde täze ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kitaphana ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergide ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlary, milli gymmatlyklarymyzyň şekilleri, sünnälenip çitilen türkmen halylary, özboluşly nusga eýe bolan milli lybaslarymyz, ussat zergärlerimiziň zenanlara hem-de halkymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrülen bedewlere niýetläp ýasan şaý-sepleri görkezildi we olar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Laçyn Durdylyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Şeýle-de okaň:
Wirtual Muzeý hyzmaty
MEŞHUR DEŇIZ MUZEÝI
Wirtual serginiň mümkinçilikleri.
«Öten-geçenleri ýatlap» atly sergi guraldy
Haýwanat bagyna gezelenç
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
«Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara guraldy
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna
Kompozitor Rejebow Rejep
Annadurdyýew Gandym ýa-da Gandym aga
Ýaşlar höweslendirilýär…
45-nji orta mekdepde çäreler toplumy geçirildi
“Ýaş köňülleriň ganaty” ekranda görkezildi
ÝÜREGI JOŞGUNLY GUJURLY OGUL
«Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungatynyň festiwal-bäsleşigi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok