Kompozitor Rejebow Rejep

Rejep Rejebow – Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, zehinli kompozitor köpsanly wokal eserleri, altmyşdan gowrak kinofilm üçin döreden sazlary, ençeme kamera-instrumental we sazly-sahna eserleri  bilen diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir.

R. Rejebowyň döredijiliginiň esasy bölegi  kinofilm sazlaryna we köpsanly wokal eserlerine  degişlidir.  Kompozitor  “Suwsuzlygyňy gandyrmak”, “Iki gezek doglan”,  “Gelin”, “Aýal ata çykanda”, “Jemalyň daragty”, “Altynyň reňki”, “Ykbal” ýaly halkyň söýgüsini gazanan meşhur kinofilmleriň sazlarynynyň awtory. Halypaň döreden köpsanly aýdymlarynyň arasynda “Dillen, läläm”, “Ýalňyz ýoda”, “Deňeýän”, “Saňa”, “Humaý gözli”, “Armanym”  ýaly eserleri hem ençeme ýyllar bäri diňleýjiler tarapyndan söýlip diňlenilýär.

R. Rejebow 1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda ozalky Gyzyl-Arwat etrabynda zehinli, ussat suratkeş Juma Rejebowyň maşgalasynda dogulýar. Rejebowlaryň öýünde hemişe saz ýaňlanypdyr – halk sazy, nusgawy hem-de günbatar ýewropa sazy.

1959-njy ýylda R. Rejebow Türkmen döwlet orta sazçylyk mekdebine truba saz guraly boýunça M. A. Guseýnowyň synpyna okuwa girýär.  R. Rejebow heniz Moskwa konserwatoriýasynda okap ýören döwründe kinofilmler üçin saz döretmekde ilkinji ädimlerini edip başlaýar.  R. Rejebowy kino älemine ilkinji aralaşdyran zehinli režissýor Bulat Mansurow. Ol Rejep aga bilen bir döwürde Moskwadaky döwlet kinematografiýa institutynda bilim alypdy.  Bulat Mansurowyň režissýorlygyndaky  “Suwsuzlygy gandyrmak”, “Gyrnak” atly  çeper kinofilmlerine ýazan sazlary R. Rejebowyň kino sazy žanrynda döreden ilkinji işlerine girýär.  

     Aşgabada gaýdyp gelenden soň R. Rejebow Türkmen döwlet orta sazçylyk mekdebinde sazly-nazaryýet sapaklary boýunça mugallym bolup işleýär. Şonuň bilen bir hatarda kinofilmler  üçin saz döretmekligi dowam edýär.

1980-nji ýyllarda R.Rejebow türkmen kamera-instrumental sazynyň taryhynda ähmiýetli roly oýnan eserlerini döredýär: Wiolonçeliň solosy üçin sonata (1981), Goboý we kamera orkestri üçin konserti (1982), N. Halmämmedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan fortepianoly kwintet-poemasy (1985).

Ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen tä şu günlere çenli                  R. Rejebow dürli žanrlarda işläp gelýär.  Ol hor we ýekelikde ýerine ýetirmek üçin niýetlenen wokal eserleri bilen bir hatarda kinofilmler üçin saz döretmegini dowam edýär. Bu döwürde kompozitor “Görogly” operasyny döredýär (1999). Operanyň  täzeden işlenen görnüşi  2011-nji ýylyň 27-nji iýunynda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda režissýor Orazmyrat Amanmyradowyň sahnalaşdyrmagynda görkezilýär.

Instrumental eserleriniň arasynda gülläp ösýän ýurdumyzy wasp edýän “Galkynyş” atly dabaraly eseri aýratyn orny eýeleýär. “Galkynyş” uwertýurasy awtor tarapyndan 2009-njy ýylda ýazyldy. Ol ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda SSSR-iň Halk artisti Wladimir Spiwakowyň ýolbaşçylygyndaky uly konsert tury bilen Doganlyk ýurtlaryň paýtagtlarynda çykyş edene GDA-nyň hem-de Gruziýanyň 94 ýaş sazandasyndan ybarat bolan ýaşlar simfoniki orkestri tarapyndan Türkmen Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýerine ýetirildi.

Kompozitor diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem döwletiň çäklerinden daşgary geçirilýän medeni iş saparlaryna hem gatnaşdy. Soňky onýyllygyň içinde kompozitor Rusiýa Federasiýasynda (2010), Rumyniýada (2011), Awstriýa Respublikasynda (2012) geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşyp, türkmen saz sungatynyň ajaýyplyklaryny wasp etmekde öz saldamly goşandyny goşdy.

Kompozitoryň gazanan döwlet baýraklaryny we sylaglary: “Gaýrat” medaly (1994), “Watana bolan söýgüsi üçin medaly” (1996), “Galkynyş” ordeni (1997), “Bitaraplyk” ordeni (1999), “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni (2001), “Türkmenistanyň 20 ýyllygy mynasybetli” ýubileý medaly (2011), “Magtymguly Pyragy” (2014) medaly.

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň
mugallymy Şemşat Annagylyjowa.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok