Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik saýlanan eserler esasynda 50 soraglyk test görnüşde geçirildi. Uly we kiçi toparlar aýratyn mazmun esasynda geçirildi. Kiçi toparlar (7-8-nji synplar) Natali Bebbitiň “Bakylygyň bosagasynda” eseri esasynda, uly toparlar (9-11-nji synplar) bolsa Elanor Porter “Polliana” eseri esasynda özara bäsleşdiler.
Orun | Kiçi toparlar (7-8-nji synplar) | Uly toparlar (9-11-nji synplar) |
I ýer | Mekan Nuryýew (7D) | Waşakow Röwşen (9B) |
II ýer | Jahan Kakabaýewa (7A) | Ýegenmämmedowa Leýli (9B) |
III ýer | Güýjow Seýdi (7D) | Semedowa Ogulnur (9B) |
Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandyryldy. Dabarada TMÝG-nyň Büzmeýin etrap Geňeşi we TSTP-nyň Aşgabat şäher kommiteti tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Dabara aýdym-saz bilen şowhunly ýagdaýda geçirildi.
TSTP we TMÝG-nyň hyzmatdaşlygynda şeýle bäsleşikler dürli mekdeplerde geçirilip durýar.
Aşgabat şäheriniň 37-nji orta mekdebi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem kitap okamak bäsleşigi geçirilipdi.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň we TMÝG-nyň işjeň agzasy
Teswirler