Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 1500-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we biziň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ul-
gamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» atly muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri,
Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.
HOŞ GELDIŇIZ!
Teswirler