Bildiriş!

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatyna 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 6-njy synpy tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilýär. Dalaşgär okuwçylaryň 1 — 6-njy synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik bolmaly.

Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölümleriniň üsti bilen degişli welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli iberilýär, Baş bilim müdirlikleri bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlaryny resmileşdirip, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet
mekdep-internatyna iberýär:
— okaýan mekdebindäki şahsy jildiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan göçürmesi;
— mekdep tarapyndan berlen hödürnama;
— ýaşaýan ýerinden kepilnama;
— ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama;
— saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama;
— 3 x 4 ölçegdäki 2 sany surat.

Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler.

Synaglaryň möhleti:
Mary welaýaty — maý aýynyň 1-2-si (Mary şäheri).
Lebap welaýaty — maý aýynyň 4-5-i (Türkmenabat şäheri).
Ahal welaýaty — maý aýynyň 6-7-si (Aşgabat şäheri).
Aşgabat şäheri — maý aýynyň 8-9-y (Aşgabat şäheri).
Balkan welaýaty — maý aýynyň 11-12-si (Balkanabat şäheri).
Daşoguz welaýaty — maý aýynyň 13-14-i (Daşoguz şäheri).

(Çeşme: “Mugallymlar” gazeti)

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok