Petronas tehnologiýa uniwersitetine kabul edişlik

PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd, 2021-nji okuw ýyly üçin Malaýziýanyň Petronas tehnologiýalar uniwersiteti (UTP) üçin dalaşgärleri aşakdaky hünärler boýunça okuwa çagyrýar:

  • Maşyngurlyşyk inženerligi
  • Himiýa inženerligi
  • Nebitgaz inženerligi
  • Elektrik we elektron inženerligi
  • Geologiýa

Aşakdaky şertler esasynda resminamalar kabul edilýär:

  • Ýaşy: 17-23 ýaş
    Maşgala ýagdaýy: sallah
  • Talap edilýan iňlis dili derejesi
  • IELTS boýunça azyndan 5.0 bal ýa-da
    TOEFL PBT boýunça 500; TOEFL PDT boýunça 59;

Orta mekdebi matematika, himiýa, fizika we in inžnerlik bilen baglanşykly 2 ugur boýunça oňat ýa-da örän oňat netijeler bilen üstünlikli tamamlanan bolmaly.

Köpçülikleýin medeni çärelere işjeň gatnaşan bolmaly;
Liderlik ukyplaryna eýe bolmaly;

Gerekli resminamalaryň sanawy:

  • Doldurylan anketa (ýükläp alyň)
  • Pasportlaryň göçürmesi (ýerli we daşary ýurt)
  • Orta mekdep şahadatnamasynyň doly göçürmesi
  • 11-nji synp okuwçylary üçin – soňky iki / üç çärýekde tassyklanan mekdep tabeli
  • TOEFL / IELTS balynyň şahadatnamasy we tassyklamasy
  • 9 sany 3,5×5 ölçegde fotosurat (ýokary kesgitleme, gök fon)
  • Dalaşgäriň rezýumesi
  • Beýleki elýeterli şahadatnamalar ýa-da tassyklaýjy resminamalar.

Ähli zerur resminamalar iňlis diline terjime edilip, çap edilen we elektron nusgada (CD-de) tabşyrylmaly.

Resminamalar 2020-nji ýylyň 10-njy apreline çenli aşakdaky salgyda ýerleşýän PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd ofisinde kabul ediler:
Aşgabat, 744027, Beýik Saparmurat Türkmenbaşy şaýoly 81 (B blok)

Telefon belgisi: +99312398000

Talaplary doly ýerine ýetirýän dalaşgärler synag we söhbetdeşlik üçin çagyrylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok