«Ýürek Gadamy» jemgyýetçilik taslamasy döredildi

Her bir çaganyň özüni beýan etmegi, daş-töweregi bilen aragatnaşyk gurmagy we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy onuň sazlaşykly ösüşiniň möhüm bölegidir. Emma käbir çagalar üçin gepleşik ukyplaryny ösdürmek aýratyn goldawy we çemeleşmäni talap edýär. Hut şu düşünjeden ugur alyp, gepleşik ukyplarynyň ösüşinde kynçylyk çekýän çagalary hem-de olaryň maşgalalaryny goldamak maksady bilen «Ýürek Gadamy» jemgyýetçilik taslamasy döredildi. Taslama çagalaryň ukyplaryny kämilleşdirmäge, ene-atalara ygtybarly maglumatlary ýetirmäge we jemgyýetde inklýuziw garaýyşlary kemala getirmäge gönükdirilendir.

Taslamanyň esasy ugurlarynyň biri çagalaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmäge niýetlenen «Gepleşik kartlary» mobil goşundysydyr. Türkmenistanda taýýarlanan bu inklýuziw sanly çözgüt dürli görnüşli gepleşik kartlarynyň kömegi bilen çagalara öz isleglerini beýan etmäge, täze sözleri öwrenmäge we söz baýlygyny artdyrmaga ýardam berýär. Ol çagalaryň gündelik durmuşda öz pikirlerini düşündirmegini ýeňilleşdirýän, ene-atalaryň we hünärmenleriň işinde peýdalanyp biljek goşmaça serişdesidir.

«Ýürek Gadamy» jemgyýetçilik taslamasynyň ýene bir möhüm ugry — ene-atalar jemgyýetidir. Bu jemgyýet çagalarynyň ösüşi bilen bagly soraglara jogap gözleýän ene-atalaryň maglumat alyşmagy, tejribelerini paýlaşmagy we özara goldaw bermegi üçin döredildi. Onuň çäklerinde ylmy makalalar, peýdaly gollanmalar, tejribeli hünärmenleriň maslahatlary hem-de ene-atalaryň şahsy tejribeleri paýlaşylýar.

Taslamanyň çäklerinde çagalaryň irki ösüşi we gepleşik ukyplaryny kämilleşdirmek bilen bagly bilim beriji çäreler, seminarlar we duşuşyklar hem guralýar. Bu başlangyçlar arkaly ene-atalaryň, psihologlaryň, logopedleriň we beýleki hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak babatynda yzygiderli işler alnyp barylýar. Geljekde hem sanly çözgütleri kämilleşdirmek, ene-atalar jemgyýetini giňeltmek we çagalaryň ösüşine ýardam berýän täze başlangyçlary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Ýürek Gadamy» her bir çaganyň aýratynlyklaryna hormat goýulýan, ukyplaryny ösdürmegi üçin zerur şertler döredilýän we maşgalalaryň degişli goldawy alýan jemgyýetiniň kemala gelmegine goşant goşmagy maksat edinýär. Çaganyň ösüşine ýardam bermek diňe bir maşgalanyň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň umumy jogapkärçiligidir.  Çünki her bir çaga üçin ädilýän kiçijik ädim, inklýuziw geljege tarap ädilen uly ädimdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok