Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.
Hasabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýlandygy we häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigi bellenilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk döwletara, hökümetara we pudagara derejede 43 sany şertnama we resminama bilen berkidilendir.
Syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejeli saparlaryň möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy. Şu wagta çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa dört gezek, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň bolsa Türkmenistana bäş gezek resmi sapar edendigi görkezildi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabryndaky Malaýziýa sapary iki ýurduň gatnaşyklaryny täze hil derejesine çykardy.
Söwda-ykdysady ugurda Malaýziýa Türkmenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biridir. Meredow häzirki wagtda Premýer-ministriň saparyna taýýarlyk görülýändigini, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, hyzmatdaşlygyň oňyn dowam edýändigini belläp, sapara ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.
Mundan başga-da, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky geljegi uly gaz taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligine seredýändigini aýtdy.
Şeýle hem iýun aýynda energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin malaýziýaly wekiliýetiň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.
Hallymämmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler