Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy. Iri möçberli bu çäre özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak hem-de eksport-import mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli meýdança öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda emele gelen berk hyzmatdaşlygyň häzirki ösüş derejesi aýratyn nygtaldy. Müňýyllyklardan gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolup, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygy bellenildi. Bu ugurda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar we özara saparlar möhüm orun eýeleýär.

Çärä hytaýly işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagy onuň giň gerimlidigini görkezýär. Forumyň dowamynda senagat, söwda, logistika, innowasiýa we maýa goýum ugurlarynda täze taslamalar boýunça pikir alyşylýar. Şeýle hem hytaý kompaniýalarynyň önümçilik we eksport kuwwatyny görkezýän sergi gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

Bellenilişi ýaly, bu forum diňe bir işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrman, eýsem iki dostlukly ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga hyzmat edýär. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle duşuşyklar geljekde özara bähbitli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine täze itergi berer.

Şamaral GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok