Et we süýt önümlerini gaýtadan işlemek azyk howpsuzlygynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde azyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak we olaryň saklanyş möhletini uzaltmak meselesi dünýäniň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda et we süýt önümlerini gaýtadan işlemek aýratyn ähmiýete eýe bolup, ol diňe bir iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüşe hem uly goşant goşýar.

Et önümlerini gaýtadan işlemek birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, olaryň arasynda arassalamak, kesmek, sowatmak, doňdurmak we dürli görnüşli önüm öndürmek işleri bar. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen et önümleriniň hilini saklamak, mikroorganizmleriň ösüşini çäklendirmek we iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek mümkinçiligi artdy. Şeýle-de şöhlat önümleri, konserwalar we beýleki taýýar önümler öndürilip, ilata giň görnüşli önümler hödürlenýär.

Süýt önümlerini gaýtadan işlemek hem azyk senagatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Süýtden peýnir, gatyk, ýag, süýt tozy ýaly dürli önümler taýýarlanylýar. Bu prosesiň esasy tapgyrlary pasterizasiýa, gomogenizasiýa we fermentasiýa ýaly tehnologiýalary öz içine alýar. Pasterizasiýa süýtdäki zyýanly mikroorganizmleri ýok etmek üçin ulanylyp, önümiň howpsuzlygyny üpjün edýär, fermentasiýa bolsa peýdaly bakteriýalaryň kömegi bilen täze önümleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.

Ylmy taýdan subut edilen faktlara görä, süýt önümlerindäki peýdaly mikroorganizmler adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem et önümleri ýokary derejede belok çeşmesi bolup, adamyň bedeniniň ösüşi üçin möhüm iýmit maddalaryny üpjün edýär.

Soňky ýyllarda ekologiýa taýdan arassa we tebigy önümleri öndürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, gaýtadan işlemek prosesinde hil gözegçiliginiň güýçlendirilmegi, halkara standartlaryň ornaşdyrylmagy we döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm bolup durýar.

Hydyr TOÝLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň, Et-süýt önümlerini gaýtadan
işlemek hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok