Sanly ykdysadyýet halkara ylmy maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň mejlisler zalynda guralyp, oňa ýurdumyzdan we daşary döwletlerden köp sanly bilermenler gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda ylmyň we tehnologiýanyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem olaryň geljekki ösüş ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow çykyş edip, gatnaşyjylary gutlady we halkara hyzmatdaşlygyň ylmy ösüşdäki ornuny aýratyn nygtady.

Çärä onlaýn görnüşde hem birnäçe daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdy. Russiýa Federasiýasyndan Oleg Aleksandrin innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň ugurlary boýunça pikirlerini beýan etdi. Hytaý Halk Respublikasyndan Çžan Sýao we Sýan Weý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de mikrobiologiýa ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Sanly ykdysadyýet meseleleri maslahatyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Russiýaly bilermen Alekseý Soluýanow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy bilen bagly tekliplerini hödürledi. Gazagystandan Gülnara Abişewa bolsa bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we ekspertiza mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Maslahatda saglygy goraýyş, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy boýunça hem çykyşlar giň orun aldy. Türkiýäniň wekilleri Enkhbaatar Uliibayar we Jem Gözener lukmançylyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň orny barada pikir alyşdylar. Gruziýaly bilermen Dawid Iordanişwili bolsa sanly ulgam arkaly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belläp geçdi.

Energetika we senagat ulgamlary hem maslahatyň möhüm temalarynyň biri boldy. Türkiýeden gelen hünärmenler Abdullah Örs, Nedim Baral, Orhan Gün we Zafer Türkoglu nebit-gaz pudagynda innowasion çemeleşmeleriň orny, şeýle hem çig mallary netijeli peýdalanmagyň täze usullary barada çykyş etdiler.

Maslahata Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Şeýle wekilleriň biri — Haknazar Haljanow, “Döwletli Nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy hem-de IT bilermeni çykyş edip, häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny belledi. Ol innowasion tehnologiýalaryň telekeçilik işjeňligine täsirini, şeýle hem ýaşlaryň IT ugurda mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak boýunça möhüm pikir alyşdylar. Jemleýji çykyşlarda halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ylmy we tehnologik ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi.

Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle halkara maslahatlar diňe bir ylmy gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyna hem giň ýol açýar.

Haknazar HALJANOW,

“Döwletli Nesibe” HJ-niň direktory,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler
merkeziniň utgaşdyryjysyIT bilermeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok