Aşgabat — Malaýziýa 14–16-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen “Turkmen Travel 2026” atly halkara syýahatçylyk forumyna we sergisine gatnaşyp, öz syýahatçylyk mümkinçiliklerini türkmen bazaryna hödürledi.
Malaýziýanyň Syýahatçylygy Ösdürmek Geňeşi (Tourism Malaysia) tarapyndan çap edilen metbugat beýanyna görä, ýurt bu çärä ilkinji gezek gatnaşdy. Bu bolsa onuň Türkmenistandaky ornuny berkitmäge we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen sergi halkara we ýerli gatnaşyjylary — syýahatçylyk kompaniýalaryny, awiakompaniýalary, myhmanhana hyzmatlaryny üpjün edijileri hem-de pudak hünärmenlerini — bir ýere jemledi. Metbugat beýanynda bellenilişi ýaly, bu meýdança gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we innowasion syýahatçylyk hyzmatlaryny öňe sürmek üçin mümkinçilik döretdi.
Tourism Malaysia ýerli hyzmatdaşlar bilen bilelikde öz pawilýonyny gurnap, Malaýziýanyň dürli syýahatçylyk mümkinçiliklerini, medeni baýlygyny we tebigy gözelliklerini görkezdi. Gatnaşygy “Visit Malaysia 2026” (VM2026) atly kampaniýa laýyklykda amala aşyryldy. Bu kampaniýa ýurduň dünýä derejesinde öňdebaryjy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde tanadylmagyny maksat edinýär.
Metbugat beýanyndan sitata getirilmegine görä, Tourism Malaysia-nyň Almatydaky direktory Nor Şazly Azmi Türkmenistany Merkezi Aziýada barha möhüm bazara öwrülýän ýurt hökmünde häsiýetlendirdi. Ol “Turkmen Travel” ýaly çäreleriň uzak möhletli hyzmatdaşlyklary döretmäge we täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berýändigini aýtdy.
Metbugat beýanynda syýahatçylyk akymlarynyň artýandygy hem bellenildi. 2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 751-den gowrak syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 42,5%-den gowrak ösüşi görkezýär. Umuman, Merkezi Aziýadan gelenleriň sany 85 000-den geçip, ýyllyk 13,4% ösüş gazandy.
“Turkmen Travel 2026” sergisi medeni syýahatçylyk, ekosyýahatçylyk hem-de syýahatçylyk tehnologiýalary ýaly giň ugurlary öz içine aldy. Tourism Malaysia-nyň maglumatlaryna görä, sergä gatnaşmak sebitara dialogy berkitmäge, Malaýziýany ileri tutulýan syýahatçylyk ugry hökmünde öňe sürmäge we durnukly syýahatçylygyň ösüşine ýardam berdi.
Tourism Malaysia — Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrligine degişli agentlik bolup, ýurduň syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesinde öňe sürmek we halkara bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin jogapkärdir.
Teswirler