Internet ulgamy häzirki wagtda dünýäniň iň uly maglumat giňişligi bolup, milliardlarça maglumat birikmelerini özünde jemleýär. Köp adam “maglumatlar nirede saklanýar?” diýen soragy berýär. Ylmy taýdan seredilende, internetde maglumatlar “bulutda” däl-de, fiziki serwerlerde saklanýar.
Maglumatlaryň esasy bölegi maglumat merkezlerinde (data centers) ýerleşýär. Bu merkezler müňlerçe serwerlerden ybarat bolup, maglumatlary saklamak, işlemek we paýlamak üçin hyzmat edýär. Şeýle maglumat merkezleri dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşip, ýokary derejede howpsuzlyk we üznüksiz işlemek üçin ýörite infrastruktura bilen üpjün edilýär. Bu ugur Cloud Computing bilen baglanyşyklydyr.
Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek üçin paýlanan ulgamlar ulanylýar. Mysal üçin, bir web sahypanyň maglumatlary birnäçe serwerde saklanyp, ulanyjy haýsy ýerde bolsa-da şol maglumatlary çalt alyp bilýär. Bu prosesi mazmun paýlaýyş torlary (CDN) üpjün edýär.
Şeýle-de maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseleleriň biridir. Şifrleme (encryption), maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalary (backup) we dürli gorag mehanizmleri maglumatlaryň ýitmeginiň ýa-da ogurlanmagynyň öňüni alýar.
Soňky ýyllarda bulut tehnologiýalarynyň ösmegi maglumat saklamagyň täze modelini döretdi. Ulanyjylar maglumatlaryny öz enjamlarynda däl-de, uzakdaky serwerlerde saklap, islän ýerinden peýdalanyp bilýärler. Bu ýagdaý maglumat dolanyşygyny ýeňilleşdirýär we ulgamlaýyn netijeliligi ýokarlandyrýar.
Netijede, internetde maglumatlar fiziki serwerlerde saklanyp, paýlanan ulgamlar arkaly dolandyrylýar. Bu gurluş dünýä maglumat giňişliginiň üznüksiz işlemegini üpjün edýän esasy tehniki esas bolup durýar.
Berdimyrat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň talyby.
Teswirler