Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Diller Dünýäsi” dil merkezinde “Bahasa Club” gurnagy geçirildi. Bu başlangyç ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň dünýä medeniýetleri baradaky düşünjesini giňeltmek maksadyny öňde goýýar.
Gurnagyň maslahatyçysy hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ilkinji sapakda gatnaşyjylara Malaý we Indonez dilleriniň aýratynlyklary, olaryň dünýäde ulanylyşy hem-de medeni ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi.
“Bahasa Club” — bu diňe bir dil öwrenmek üçin däl, eýsem Günorta-Gündogar Aziýanyň baý medeniýeti bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Gurnak gatnaşyjylara dilleri ýeňil we gyzykly usulda öwretmäge gönükdirilendir.
Bu dil gurnagy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Diller Dünýäsi” dil merkezi, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.
Sapaklar her hepdäniň Çarşenbe güni sagat 15:00-da yzygiderli geçirilýär. Gurnakda her hepde täze mowzuklar boýunça sapaklar alnyp barylýar we gatnaşyjylar öz bilimlerini yzygiderli ösdürip bilýärler.
“Diller Dünýäsi” dil merkezi ähli isleg bildirýänleri “Bahasa Club” gurnagyna gatnaşmaga çagyrýar.
Teswirler