Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösüşi barada söz açylanda, köpümiziň aňymyzda şeýle bir gorky peýda bolýar: “Eýsem, ertir meniň ýerime robot işläp başlamazmy?” Geliň, bu meselä biraz hakyky göz bilen seredeliň.
Hakykatdan-da, emeli intellekt we robotlar käbir işleri bizden has çalt we kämil ýerine ýetirip bilýärler. Maglumatlary seljermek, hasap-hesip işleri ýa-da gaýtalanýan mehaniki hereketler eýýäm awtomatlaşdyryldy. Ýöne bu biziň işsiz galjakdygymyzy aňlatmaýar. Bu, işiň ýerine ýetiriliş usulynyň üýtgeýändigini aňladýar.
Taryha seretsek, traktorlar çykanda adamlar “daýhançylyk gutardy” diýipdiler, ýöne traktorlar işi aňsatlaşdyryp, täze hünärleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Şu gün hem şeýle: robotlar biziň “agyr we ýürekgysgyç” işlerimizi öz üstüne alýarlar, bize bolsa has döredijilikli we täzeçil pikir etmäge wagt galýar.
Programma üpjünçiligi näçe kämil bolsa-da, onuň öwrenip bilmejek bir zady bar: Ynsan duýgusy we etikasy.
- Emeli intellekt makala ýazyp biler, ýöne ol ýazga ýürekden çykýan duýguny goşup bilmez.
- Ol diagnoz goýup biler, ýöne näsaga teselli berip, ony ruhlandyryp bilmez.
- Ol kod ýazyp biler, ýöne jemgyýetiň haýsy programmada has köp mätäçliginiň bardygyny diňe adam aňy duýup biler.
Şonuň üçin hem, mesele robotlaryň biziň işimizi almagynda däl-de, biziň robotlar bilen işleşip bilmegimizde. Geljegiň iň tapylgysyz hünärmeni bu emeli intellekti özüne bäsdeş däl-de, kömekçi edip bilýän adamdyr.
Robotlar biziň işimizi elimizden almaz, ýöne tehnologiýadan başy çykmaýan adamlar, tehnologiýany ulanmagy başarýan adamlardan yza galyp bilerler. Şonuň üçin gorkmaly däl, öwrenmeli!
Mukam Seýitnepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler