Halkara atçylyk akademiýasy «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2026 — 2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 12-nji martynda we 13-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!

Bu çärä orta, orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri hem-de önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşyp bilerler.

«Açyk gapylar» günlerinde oňa gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň akademiýada durmuşa geçirilişi, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwredilýän hünärler we taýýarlyk ugurlary bilen giňişleýin tanşyp bilerler. Şeýle hem «Açyk gapylar» günlerine gatnaşyjylara döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana hem-de muzeý binasy, açyk we ýapyk manežler, athana, sport toplumy, talyplaryň okuw hem-de ýaşaýyş şertleri görkeziler.

Akademiýa baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm resmi web saýtyndan alyp bilersiňiz. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgyda 15:00-da başlanar.

Salgysy: Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312572434, +99312572407.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok