«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetinde bilim leksiýasy geçirildi. Çärä ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylara hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giň gerimde dabaralandyrylýandygy, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanylan üstünlikler barada çykyş edildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ähmiýeti nygtalyp, onda türkmen bitaraplygynyň filosofiýasynyň parahatçylyk we ynanyşmagy berkitmekdäki orny giňişleýin düşündirildi.
Şeýle hem Ahal-teke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, baý taryhy-medeni mirasy we ýurduň ajaýyp nyşany hökmünde eýeleýän orny barada bellenip geçildi.
Çäräniň jeminde Gyrgyz Respublikasynda surata düşürilen “Magtymguly dünýäniň hakydasynda” atly dokumental film görkezildi.
Ejegül ATAGELDIÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler