Türkmenistanyň talyplary halkara bäsleşiklerde ýokary netijeler görkezdi

2026-njy ýylyň 25–28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde talyp ýaşlar üçin BIMO-2026 (Halkara Matematika Olimpiadasy) we BIChO-2026 (Halkara Himiýa Olimpiadasy) geçirilip, halkara intellektual bäsleşikleriniň çäginde möhüm üstünlikler gazanyldy.

Olimpiadalara Özbegistan, Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Azerbaýjan, Iordaniýa we Täjigistan ýaly 10-dan gowrak ýurtdan 500-den gowrak talyp we 100 topar gatnaşdy. Bäsleşikler şahsy we toparlaýyn tapgyrlardan ybarat bolup, talyplar matematika we himiýa dersleri boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekde ukyplaryny synap gördüler.

Bäsleşikleriň dowamynda professorlar we mugallymlar tejribe alyşmak üçin mümkinçilik aldylar, gatnaşyjylar bolsa Buharanyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç etdiler.

Türkmen talyplary bu halkara olimpiadalarynda ajaýyp üstünlik gazanyp, jemi 46 medal (17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç) bilen sylaglandylar. Şeýle üstünlikler, BIMO we BIChO olimpiadalarynyň halkara ülňülerine laýyklykda geçirildi.

Matematika olimpiadasynda talyplar çäkler, seriýalar, integrallar, matrisalar, determinantlar, san teoriýasy we kombinatorika ýaly ugurlarda üstünlik gazandylar. Himiýa olimpiadasynda bolsa organiki we organiki däl himiýa, fiziki himiýa, geçiş metallary we sintez zynjyrlary boýunça meseleler çözülip, eminlerden ýokary baha alyndy.

Bu bäsleşik talyplar üçin diňe bilim ukyplaryny synap görmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň dürli künjeginden gelen talyplar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we umumy gymmatlyklary paýlaşmak üçin-de ähmiýetli boldy. Ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri ýaş neslimiziň ylymda, bilimde, sungatda, medeniýetde we sportda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak arkaly Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan ylym-bilim syýasatyna mynasyp goşant goşýandygyny görkezýär.

Selbi DÖWRANOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok