2026-njy ýylyň 26-njy ýanwary — 7-nji fewraly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika dersi boýunça döwlet olimpiadasy geçirildi.
Bu olimpiada her ýyl Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Şeýle çäreler ýaşlaryň nazary we amaly meseleleri çözmek ukybyny ösdürmäge, olaryň informatika boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda badalga berlen bäsleşik 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde bolup, 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda onuň 1-nji tapgyry etraplarda (şäherlerde) geçirildi. 30-njy ýanwarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda olimpiadanyň 2-nji tapgyry guralyp, onda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, her welaýatdan tapawutlananlar olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Jemleýji tapgyr paýtagtda geçirilip, oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 100 zehinli okuwçy gatnaşdy. Olar bäsleşikden öň uniwersitetde guralan ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy-taslama işleriniň sergisi bilen tanyşdylar, ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri we döredilen şertleri barada giňişleýin maglumat aldylar.
Netijede ýeňijilere I, II we III derejeli diplomlar, medallar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda 3 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany III orun; 12-nji synplaryň arasynda bolsa 4 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany III orun kesgitlenildi. Baýrakly orunlara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň birnäçe orta mekdepleriniň okuwçylary mynasyp boldular.
Bu olimpiada okuwçylaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Oňa gatnaşan okuwçylar degişli ders boýunça taýýarlygynyň ýokary derejededigini görkezdiler.
Begenç BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler