Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersiniň derwaýyslygy

Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersiniň okuw prosesindäki ähmiýeti örän uly bolup, ol ýaş nesliň medeni taýdan kämilleşmegine, milli şahsyýetiň döremegine we jemgyýet bilen doly aragatnaşyk gurmagyna uly goşant goşýar. Bu ders okuwçylara diňe söz baýlygyny ösdürmegi däl, eýsem, terbiýeli we düşnükli aragatnaşyk etmegiň, medeni we ahlak kadalaryna eýermegiň usullaryny öwredýär.

Dersde üns berilýän esasy ugurlar: söz baýlygyny giňeltmek, grammatika we söz gurluşlaryny öwrenmek we çykyş medeniýetini kämilleşdirmek, aragatnaşykda düşünjeli we terbiýeli bolmagy öwretmek, milli däp-dessurlary, halk aýdymlaryny we rowaýaty öwrenmek arkaly sözleýişiň ruhy we medeni aspektlerini ösdürmek.

Dersiň peýdalary diňe okuwçylaryň akademiki başarnyklary bilen çäklenmän, jemgyýetçilik we şahsy durmuşa hem täsir edýär. Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersiniň maksatlarynyň biri hem ýaşlary milli miras bilen tanyşdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara hormat goýmagy we medeni gymmatlyklary özleşdirmesini üpjün etmekdir. Mundan başga-da, bu ders ýaşlarda terbiýeli sözleýiş endiklerini berkitmek, işjeň diňlemegi we döredijilikli pikirlenmegi kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Netijede, türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersiniň orny diňe bilim ulgamynda däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda hem möhüm bolup, ýaş nesliň şahsy we milli ösüşine gönükdirilen möhüm bir esasdyr.

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok