Iňlis dili häzirki wagtda dünýäde iň giňden ulanylýan we iň köp öwrenilýän dildir. Dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistan hem, bu dili öwrenmäge uly üns berýär. Iňlis dili diňe bir daşary ýurt bilen aragatnaşyk üçin däl, eýsem bilimde, işde, ylymda we halkara gatnaşyklarynda üstünlik gazanmak üçin hem möhümdir. Iňlis dilini öwrenmek, bu diliniň dünýädäki orny, peýdalary we geljekdäki mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje döretmek zerur.
Iňlis dili dünýäde iň köp ulanylýan we iň köp maglumatly dil bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalar bu dili işjeň ulanýarlar. Şeýle hem, dünýäniň ýokary okuw mekdepleri, ylmy we akademiki döredijilik ulgamynda iňlis dilini işlendirýärler. Iňlis dili internetde iň köp ulanylýan dil bolup, sanly bilim we maglumat bazalarynda iň köp maglumat iňlis dilinde ýerleşýär.
Iňlis dili, halkara gatnaşyklarynda möhüm orna eýedir. Onuň ulanylmagy biziň halkara söwda, syýasy we ylym ulgamyndaky gatnaşyklarymyzy güýçlendirip, maglumat alyş-berişini has aňsatlaşdyrýar. Iňlis dili bilim ulgamynyň we iş bazarynyň esasy dilidir. Ýokary hilli bilim almak we halkara derejesinde üstünlik gazanmak üçin bu dili bilmek zerur.
Iňlis dilini öwrenmek, ilki bilen, internet we sanly maglumatlara giňden girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, şol bir wagtyň özünde, dünýäniň dürli künjeklerinden adamlaryň arasynda aragatnaşygyň esasy dilini bilmek, täze ýerlere göçmek ýa-da dürli ýurtlarda işlemekde ýeňillik döredýär.
Iňlis dili täze iş mümkinçiliklerine ýol açýar. Meselem, halkara kompaniýalary we beýleki guramalar iňlis dilini bilýän işgärleri saýlamaga uly üns berýärler. Şeýlelik bilen, iňlis dilini bilýän adamlar, beýleki dili bilýän adamlara garanyňda iş bazarynda has uly mümkinçiliklere eýe bolýar.
Iňlis dilini öwrenmek, biziň toplumlaýyn ösüşimize uly goşant goşýar. Bu dil bilim ulgamynda, işde, ylmy we medeni gatnaşyklarymyzdaky mümkinçilikleri giňeldýär. Iňlis dili häzirki zaman jemgyýetiniň bir bölegi bolup, onuň öwrülişýän we sanlylaşýan dünýäde ulanylmagy zerur we möhüm bolup galýar. Şeýlelik bilen, iňlis dilini öwrenmek, diňe bir şahsy başarnyk däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşine uly goşant goşýan möhüm bir işdir.
Aýnur ORAZGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler