“Gateway International” kompaniýasy öz işini bes etdi. Mundan beýläk “DTV / Mosaic Visa” kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator boldy.
Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler. Şeýle-de, raýatlaryň ozal “Gateway International” arkaly tabşyran arzalary öz güýjünde galar we bellenilen tertipde serediler.
“Mosaic Visa” Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditirlenen wiza arzalaryny gaýtadan işleýän resmi merkezdir.
Merkezi her hepdäniň Duşenbe gününden Anna gününe çenli sagat 09:00-dan 17:00-a çenli resminamalary kabul eder.
Merkeziň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat, Bagtyýarlyk etraby, 2127 (G. Gulyýew) köçesi, N-71.
https://mosaicvisa.com/ashgabat/ salgysynyň üsti bilen nobata durup (randevu) bilersiňiz!
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkiýe Respublikasyna syýahat ýa-da beýleki maksatlar bilen gitmegi meýilleşdirýänleriň wiza üçin gerekli resminamalaryny “Mosaic Visa” merkeziniň talaplaryna laýyk doly we dogry taýýarlamaga, terjime etmäge AtaMekan Terjime Merkezi ýardam berýär.
Düşünmedik soraglaryňyz üçin AtaMekan Terjime Merkezi bilen habarlaşyp bilersiňiz!
E-poçta: atamekanterjime@gmail.com
Tel.belgi: +993 61 517100.
Teswirler