2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edildi. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze bäbek dünýä geldi.
Gaýypowlaryň maşgalasynda doglan oglan bäbejigiň agramy 3 kilogram 100 gram, boýy 48 santimetr bolup, saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Täze dünýä inen oglan bäbejige täze ýylyň şygary bilen utgaşdyrylyp, Atamyrat diýlip at berildi.
Bäbejigiň dünýä inmegi mynasybetli maşgala Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy, şeýle-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Maşgala bu höwesli pursatlarda sowgatlar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň işine mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Teswirler