«Talyp sport» topary basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Aşgabat şäherinde erkekler toparlarynyň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji duşuşyklary 28-nji dekabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilip, ýurduň öňdebaryjy basketbol toparlaryny bir ýere jemledi.

Bu ýaryş milli sport senenamasynyň möhüm jemleýji tapgyry bolup, türkmen basketbolçylarynyň ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi. Ýaryşyň dowamynda toparlar arasynda güýçli bäsdeşlik we ussatlyk görkezildi.

Ýaryşyň iň täsirli pursady «Talyp sport» hem-de IIM-niň «Galkan» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy boldy. Oýun örän dartgynly ýagdaýda geçip, «Galkan» topary güýçli garşylyk görkezse-de, «Talyp sport» topary duşuşygyň aýgytly pursatlarynda has netijeli çykyş etdi.

Netijede, final duşuşygy 78:66 hasabynda «Talyp sport» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Oýunçylar toparlaýyn sazlaşykly taktika we hüjümdäki netijeliligiň hasabyna Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy başardylar.

Üçünji orun ugrundaky duşuşykda paýtagtyň «Aşgabat» topary ýokary erjellik görkezip, garşydaşlaryny ýeňdi we bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi, şeýle hem tapawutlanan oýunçylara ýörite baýraklar gowşuryldy.

Gurnaýjylar şeýle ýaryşlaryň ýurduň basketbol sportunyň ösdürilmegine, ýaşlaryň bu sporta bolan gyzyklanmasynyň artmagyna hem-de milli ýygyndylar üçin geljegi uly oýunçylary ýüze çykarmaga möhüm goşant goşýandygyny bellediler.

Myrat ATABALLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok