Türkmen karateçileri halkara ýaryşda üstünlik gazandylar

Türkmenistanyň karate boýunça milli ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 19–21-nji dekabry aralygynda Özbegistanyň Nowaýy şäherinde geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça «Arkalaşyk kubogy» atly halkara çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Gyzgalaňly tutluşyklaryň netijesinde türkmen karateçileri jemi dört medal gazandy. Olaryň üçüsi altyn, biri bolsa kümüş medal boldy. Ýygyndy toparyň kapitany Meýlis Paşagulyýew 80 kg-dan ýokary agram derejesinde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekili Annadurdy Gurbanylyçow bolsa 70 kg çenli agram derejesinde ýeňiş gazanyp, altyn medallara mynasyp boldular.

Gyzlar arasynda 16–17 ýaş toparynda çykyş eden Aşgabadyň 88-nji orta mekdebiniň okuwçysy Medine Daňatarowa 60 kg çenli agram derejesinde ussatlyk görkezip, altyn medal bilen sylaglandy. Şeýle hem Umid Şükürow 55 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Päkistandan, Alžirden we Kongodan gelen türgenleri goşmak bilen, jemi 12 döwletden 480-e golaý karate ussady gatnaşdy.

Türkmen pälwanlarynyň halkara meýdanyndaky bu üstünlikli çykyşy ýurdumyzyň söweş sungaty mekdebiniň ýokary derejesini we Watanymyzyň sport abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy

Ata ATAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok