Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bildirişi!

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Täze ýyl döwründe raýatlary kabul etmegiň düzgüni barada bildiriş çap etdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Resmi saýtda bellenilip geçilişi ýaly, Ilçihananyň konsullyk bölümi 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary aralygynda raýatlary kabul etmeýär.

Bu barada şeýle diýilýär: 

Täze ýyl baýramy we Roždestwo mynasybetli, Ilçihananyň konsullyk bölüminde 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary aralygynda raýatlary kabul etmek amallary geçirilmeýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok