Buharestde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan sport çäresi geçirildi

Buharest şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Rumynyýadaky​ Ilçihanasy tarapyndan türkmen talyplarynyň arasynda dostlukly kiçi futbol ýaryşy guraldy. Sport çäresi Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly bilen hem utgaşyp, oňa aýratyn ähmiýet berdi.

Ýaryşa Rumyniýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaş türkmen talyplary gatnaşyp, Buharestden başga-da Ploiești, Timișoara we Cluj ýaly şäherleriň sekiz topary futbol meýdanynda güýç synanyşdy. Oýunlar dostlukly atmosferada, sportsöýerlik ruhunda, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu sport çäre halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de sport diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň üstünlikli ulanylýandygyny görkezdi.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňiji toparlara medallar, kuboklar we hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de “iň gowy oýunçy”, “iň gowy derwezeçi” ýaly aýratyn derejeler boýunça ýeňijiler hem sylaglandy.

Buharestde geçirilen bu ýaryş Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, dünýäniň dürli künjeklerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryny birleşdirmäge, Hemişelik Bitaraplyk ýylynyň ruhuna laýyklykda parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň biri boldy.

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok