Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny örän uly baýramçylyk ruhunda bellemegini dowam etdirýär. Şu gün geçirilen dabaralaryň iň täsirli pursatlarynyň biri agşam Aşgabadyň asmanyny ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerkler boldy.
Paýtagtyň ýaşaýjylary hem-de baýramçylyk mynasybetli gelen myhmanlar dürli görnüşli, dürli reňkli feýerwerklere aýratyn şatlyk bilen syn etdiler. Şäheriň gözel gijeki görnüşi baýramçylyk yşyklary bilen utgaşyp, halkyň bu aýratyn senä bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Teswirler