11-12-nji dekabr aralygynda Aşgabatda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.
Sergi milli pudaklaryň ykdysady derejesini görkezmegi, telekeçiligi ösdürmegi we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi maksat edinýär. Möhüm senäniň hormatyna guralan bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda geçiriler.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurduň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli;
12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy (Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy).
Teswirler