Russiýanyň “S7 Airlines” awiakompaniýasy 16-njy dekabrdan Aşgabat – Moskwa ugry boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede ýediden dokuz uçuşa çenli artdyrar. Goşmaça uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli ýerine ýetiriler.
«Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatyna görä, 16-njy dekabr 2025-nji ýyldan başlap 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça hepdede iki sany goşmaça uçuş girizildi. Gündelik uçuşlardan başga bu iki goşmaça uçuş sişenbe we dynç güni – penşenbe günleri ýerine ýetiriler» diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, “S7 Airlines” 2008-nji ýyldan bäri Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip gelýär. Häzirki wagtda bu ugur boýunça hepdede ýedi uçuş amala aşyrylýar.
Teswirler