2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Parižde Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty (IRIS) binasynda “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki global ýagdaýda mümkinçilikler we wehimler” atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS bilen Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň hyzmatdaşlygy arkaly gurnaldy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Maslahat “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny hormatlandyrmaga bagyşlandy.
Dabara türkmen we fransuz diplomatik düzümleriniň, ylmy edaralaryň, medeni guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtap, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň sebitleýin durnuklylyga uly täsir edýändigini bellediler. Şeýle hem ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi, ekologiýa taýdan arassa energetika, metan zyňyndylarynyň peseldilmegi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kitaplar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirler görkezilen giňişleýin sergi gurnaldy.
2025-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm hökümetara ylalaşyklara gol çekildi.
Leýli MOMMYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler