TSTP-da ýaş startapçylaryň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinde telekeçilige we startaplara bagyşlanan pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

Çärede ýaňy ýakynda IT taslamalary we azyk howpsuzlygy ugurlary boýunça bäsleşige gatnaşan startapçylardan saýlananlar gatnaşdy. Şol sanda mekdep okuwçylary, talyplar we ýaş mugallymlar hem ýer aldy. Şeýle-de Zoom arkaly beýleki şäherlerdäki diňleýjiler üçin göni ýaýlyma goýberildi.

Halkara biznesmen we maýa goýum gaznasynyň esaslandyryjysy Röwşen Söýünow çykyş etdi. Öz tejribelerini paýlaşdy. Kaliforniýa,  Russiýa, Hytaý, BAE ýaly sebitlerde işläp taýýarlan proýektlerinden öz tejribelerini paýlaşdy.

Tehnologiýalar bilen baglaşlykly startaplar taýýarlananda giň dünýä bazary göz öňüne tutulmalydygy, hemişe täzeliklere açyk bolmalydygyny nygtady.

Ýaşlar maýa goýum çekmek üçin möhüm ädimler bilen gyzyklandylar.

Startap boýunça geçirilýän bu çäreler toplumyna Ojar Aziýa we TMT Konsalting kärhanalary hemaýatkärlik edýär. Hemaýatkärleriň maksady jemgyýetde telekeçilik sowatlylygyny artdyrmak we ökde ýaşlary saýlap, olar iş mümkinçiliklerini döretmekden ybarat.

Okuw maslahaty 8 gün dowam edýär. Nobatdaky duşuşyklarda-de bank, ykdysadyýet, senagat, oba hojalyk we beýleki ugurlardan bilermenler çykyş eder.

Bu gezekki startap bäsleşikleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok