2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurluşyk we senagat işgärleriniň gününe bagyşlanan “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly (CIET 2025) Halkara maslahaty we sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Halkara sergisinde ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň we hususy kompaniýalaryň önümleri görkezildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda birnäçe dürli ýurtlardan öňdebaryjy gurluşyk, senagat we energetika kompaniýalary hem-de meşhur, iri öňdebaryjy kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar, sergide özüniň iň soňky tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny we önümlerini görkezdiler. Olar Türkmenistanda işlemegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşýarlar we täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny gazanmagy maksat edinýärler.
Mundan başga-da, türkmen kompaniýalary we döwlet edaralary gurluşyk, senagat we energetika we beýleki ugurlar boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Bu kärhanalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde täze tehnologik taslamalary işläp taýýarlamak hem-de taslamalary giňeltmek boýunça iş alyp barýarlar. Forumyň maksatnamasy durnukly ösüş, maýa goýumlar, hyzmatdaşlyk we innowasiýa ýaly möhüm temalary öz içine alýar.
Guramaçylar bolup «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Häkimligi we “Turkmen Energy Forum” hojalyk jemgyýeti çykyş edýär.
Bu günki ýokary derejede geçirilýän halkara sergi we ylmy maslahaty gepleşikler, innowasiýa ösüşlerini we tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmakda tejribe alyşmak üçin interaktiw meýdança bolup hyzmat eder.
Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýan wekiller häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary, milli ykdysadyýetiň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk pudagynyň ösmegi bilen şäherlerde we obalarda durmuşy hal ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalar bilen tanşyp bilerler. Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna we halkara maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
CIET 2025 innowasiýalara, hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe esaslanýan Türkmenistanyň strategiki garaýşyny şöhlelendirýär. Forum işewürligiň, ylmyň we häkimiýetiň wekillerini birleşdirip, ýurduň Ýewraziýada gurluşyk we energetika hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Forumyň işi 4-nji noýabrda jemlener.
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň ylym bölüminiň başlygy.
Teswirler