Noýabr aýynda bellenilip geçilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe uly taýýarlyk görülýär. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şanly senä gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki medeni çäreler guralar. Bu barada 8-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Teswirler