HSTU-da Halk maslahatynyň taýýarlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda ýakynda täze açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk maslahatyna taýýarlyk görlüşi bilen bagly maslahat geçirildi. Maslahaty Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilelikde gurnady.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Halk maslahatynyň işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem, bu çäräniň milli ösüşiň täze tapgyrlaryna ýol açýandygy aýratyn nygtaldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Dädebaý Nazkuliýew, şeýle-de partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Setdar Setdarow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurdumyzyň syýasy ulgamyndaky özgertmeler we raýatlaryň döwlet dolandyryşyndaky işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, uniwersitetiň mugallymlary çykyş edip, ýaşlary syýasy taýdan taýýarlamagyň we watansöýüjilik terbiýesiniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok